Difference between revisions 160705 and 200651 on tkwiki

Gatyganatlylar otrýady
Wyžžyldawuk tomzaklar maşgalasy
Ýagdaýy. Derejesi II (EN). Ýitip barýan
görnüş.
Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti.
Calosoma urugy dünýä faunasynda 160
görnüşi öz içine alýar, Türkmenistanda
onuň 6 görnüşi gabat gelýär.
Gysgaça beýany. Göwresiniň uzynlygy
21–33   mm Adatça iki hili ýiti reňkli,
ýagny kellesi, arka öňü we göwresiniň
aşak ýüzi gök bolup, ganatüstleri altynsow
ýaşyl reňkli mispisint-gyzyl öwüşginli,
seýrek ýagdaýda öwüşginsiz ýa-da
tutuşlygyna mispisint-gyzyl, käbir halatlarda
üsti birmeňzeş, bürünç ýa-da
bürünç-gara.
Ýaýraýşy. Köpetdag. Türkmenistandan
daşarda — Gündogar Gazagystan, Özbegistan,
Kawkaz, Ýewropa, Demirgazyk
Eýran, Siriýa, Ileri Aziýa, Demirgazyk
Amerika.
Ýaşaýan ýerleri. Dag etek tokaýlary (dub
we eldar sosnasy).
Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Ähli
ýerde sany pes. 2005‑nji ýylda ýek-tüki
hasaba alyndy.
Esasy çaklendiriji sebäpler. Höwesjeň ýygnaýjylar
tarapyndan tutulmagy.
Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ýetişen
ululary we liçinkalary işjeň hereketdäki
we iýermen ýyrtyjy. Köplenç teňňeganatlylaryň
gurçuk we gundag halyndakylaryny
iýýär. Ýylda bir nesil berýär, emma
ýetişen uly tomzaklar birnäçe ýyl ýaşaýar.
Ýumurtgalaryny (300‑e çenli) topraga
taşlaýar. Ýumurtgasy 3–15 günüň dowamynda
ösüp ýetişýär; liçinkalarynyň
ýaşy üç tapgyrdan ybarat bolup, olaryň
umumy ösüş dowamlylygy 20–40 gün
töweregi dowam edýär; gundag döwri
10–18 güne barabar. Tomzaklar köplenç
toprakda we ýere gaçan ýapraklaryň arasynda
gyşlaýar.
Köpeldilişi. Iş geçirilmedi.
Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň
Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Köpetdag
döwlet goraghanasynda goralýar.
Gorag üçin zerur çäreler. Höwesjeň ýygnaýjylar
tarapyndan tutulyp alynmagyny
gadagan etmeli.
Barlaglar boýunça teklipler. Merkezi Köpetdagyň
eteginde, tokay seýilgählerinde
populýasiýasynyň biologiýasyny öwrenmeli.
Düzüji: O. S. Söýünow