Revision 160705 of "ULY TOKAÝ OWADANBEDEN TOMZAGY" on tkwikiGatyganatlylar otrýady Wyžžyldawuk tomzaklar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi II (EN). Ýitip barýan görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Calosoma urugy dünýä faunasynda 160 görnüşi öz içine alýar, Türkmenistanda onuň 6 görnüşi gabat gelýär. Gysgaça beýany. Göwresiniň uzynlygy 21–33 mm Adatça iki hili ýiti reňkli, ýagny kellesi, arka öňü we göwresiniň aşak ýüzi gök bolup, ganatüstleri altynsow ýaşyl reňkli mispisint-gyzyl öwüşginli, seýrek ýagdaýda öwüşginsiz ýa-da tutuşlygyna mispisint-gyzyl, käbir halatlarda üsti birmeňzeş, bürünç ýa-da bürünç-gara. Ýaýraýşy. Köpetdag. Türkmenistandan daşarda — Gündogar Gazagystan, Özbegistan, Kawkaz, Ýewropa, Demirgazyk Eýran, Siriýa, Ileri Aziýa, Demirgazyk Amerika. Ýaşaýan ýerleri. Dag etek tokaýlary (dub we eldar sosnasy). Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Ähli ýerde sany pes. 2005‑nji ýylda ýek-tüki hasaba alyndy. Esasy çaklendiriji sebäpler. Höwesjeň ýygnaýjylar tarapyndan tutulmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ýetişen ululary we liçinkalary işjeň hereketdäki we iýermen ýyrtyjy. Köplenç teňňeganatlylaryň gurçuk we gundag halyndakylaryny iýýär. Ýylda bir nesil berýär, emma ýetişen uly tomzaklar birnäçe ýyl ýaşaýar. Ýumurtgalaryny (300‑e çenli) topraga taşlaýar. Ýumurtgasy 3–15 günüň dowamynda ösüp ýetişýär; liçinkalarynyň ýaşy üç tapgyrdan ybarat bolup, olaryň umumy ösüş dowamlylygy 20–40 gün töweregi dowam edýär; gundag döwri 10–18 güne barabar. Tomzaklar köplenç toprakda we ýere gaçan ýapraklaryň arasynda gyşlaýar. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Köpetdag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Höwesjeň ýygnaýjylar tarapyndan tutulyp alynmagyny gadagan etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Merkezi Köpetdagyň eteginde, tokay seýilgählerinde populýasiýasynyň biologiýasyny öwrenmeli. Düzüji: O. S. Söýünow All content in the above text box is licensed under the Creative Commons Attribution-ShareAlike license Version 4 and was originally sourced from https://tk.wikipedia.org/w/index.php?oldid=160705.
![]() ![]() This site is not affiliated with or endorsed in any way by the Wikimedia Foundation or any of its affiliates. In fact, we fucking despise them.
|