Revision 187702 of "Köneürgenç" on tkwiki[[Daşoguz welaýaty]]nda, gadymy [[Horezm]] döwletiniň [[paýtagt]]y bolan [[Gadymy Ürgenç]] şäheriniň galandylarynyň ýanynda gurlan [[şäher]].
[[category:Türkmenistan]]
[[category:Türkmenistandaky şäherler]]
[[Kategoriýa:Daşoguz welaýatyndaky şäherler]]
KÖNEÜRGENÇ [Kö:neürgenç] 1. (150, 210, 211, 248) – [[Daşoguz welaýaty]]nda [[etrap]] we onuň merkezi şäheri. Şäheriň günorta eteginde [[zaratuştra dini]]niň kitaby bolan ²Awestada² Gura görnüşinde ýatlanýan [[Merkezi Aziýa]]nyň iň gadymy şäherleriniň biri, b.e. öň V-IV asyrlarda düýbi tutulan Gürgenç şäheriniň harabalary ýerleşýär. Bu şähere ata-babalarymyz Ürgenç diýipdirler. [[Hytaý senenamalary]]nda onuň ady Ýuýe-Gän görnüşinde duş gelýär (I asyr). 712-nji ýylda bu sebite araplar aralaşandan soňra, Gürgenjiň ady Jürjan, döwletiň ady hem Jürjaniýa görnüşinde arapçalaşdyrylýar. 995-nji ýylda Gürgenjiň emiri [[Mamun ibn Muhammet]] bu döwletiň özbaşdaklygyny gazanyp, Köneürgenç türkmenleriniň soltanlarynyň nesilşalygyny ýola goýýar. Bu nesilşalygyň XI asyrdaky wekili Mamun ibn Mamunyň döwründe [[Köneürgenç döwleti]] öz ösüşiniň iň ýokary derejesine çykýar, Ürgenç şäherinde onuň adyny göterýän ylymlar akademiýasy işläp, bu ýerde [[Biruny]] (973-1050), [[Abu Aly ibn Sina]] (980-1037) ýaly görnükli alymlar zähmet çekýärler. 1097-nji ýýlda bu ülke [[Seljukly türkmen döwleti]]niň ygtyýaryna geçýär.
Gürgenç şäheri 1221-nji ýylda [[Çingiz han]]yň ordalary, 1388-nji ýylda hem [[Teýmir]] tarapyndan düýpli ýumrulýar. Soňky döwürlerde bu şäheriň täzeden dikeldilmegine böwet bolan wakalar ýüze çykýar. Birinjiden, XV asyrdan soňra şäheriň eteginden akýan [[Amyderýa]]nyň akymynyň ugry üýtgedilýär, şäher hem suwsuz galýar. Köneürgenç döwletiniň şol wagtky hany [[Abylgazy]] 1646-njy ýylda paýtagty bu şäherden derýanyň ýakasynda, köne paýtagtdan 190 kilometr uzaklykda gurlan täze şähere göçürýär. Şu wakadan soň täze paýtagta Ýaňy (täze) Ürgenç, köne paýtagta hem Köneürgenç diýen at dakylýar. Ikinjiden, [[Ýewropa]] bilen [[Hytaý]]yň hem-de [[Hindistan]]yň arasynda deňiz ýoly bilen ýygjam gatnaşygyň ýola goýulmagy, şeýle-de Amerikanyň açylmagy gadymy [[Beýik Ýüpek ýolu|Beýik Ýüpek ýoly]]nyň we onuň ugrunda ýerleşen şäherleriň, şol sanda Köneürgenjiň ähmiýetini pese gaçyrýar.
Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra Köneürgenç şäheri we tutuş ülke hakyky, uly ösüşleri başdan geçirýär. Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti [[Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy]] 1985-nji ýylda ýörite karar bilen gadymy Köneürgenji Döwlet taryhy-medeni goraghanasy diýip yglan etdi. 1985-nji ýylda öň şäherçe hasap edilen Köneürgenç şäher derejesine geçirildi. Häzir bu şäher iň köp gelim-gidimli mekana öwrüldi.
Merkezi Aziýada iň beýik minara bolan boýy 60 metre ýetýän minara, [[Törebeg hanym]]yň, [[Tekeş soltan]]yň, Il Arslanyň atlary bilen baglanyşykly ymaratlar Köneürgenji bezeýän ajaýyp taryhy ýadygärliklerdir.
[[Mukaddes Ruhnama]]da türkmen döwletleriniň ençemesi gurlan we halkymyzyň at-owazasyny dünýä ýaýradýan Köneürgenç şäheriniň we döwletiniň atlary öwran-öwran ýatlanýar.
<gallery>
Nejmeddin_Kubra.jpg
</gallery>
{{Daşoguz welaýatyndaky şäherler}}All content in the above text box is licensed under the Creative Commons Attribution-ShareAlike license Version 4 and was originally sourced from https://tk.wikipedia.org/w/index.php?oldid=187702.
![]() ![]() This site is not affiliated with or endorsed in any way by the Wikimedia Foundation or any of its affiliates. In fact, we fucking despise them.
|