Difference between revisions 174266 and 174267 on tkwiki

Kyan dushunemogay bu wiki'e. Nametmeli barde?

== Täze makala ýazmak barada ==

Salam Sir artur,
 
Wiki ensiklopedik islendik makala ýazylýan, okalýan, goşan goşulýan erkin platforma. "Žiraf" sahypasy üçin sag boluň. Men oňa rus wikiden linkleri (çykgytlary) we kategoriýalary terjime edip goşdum. Ol kyn däl, rusça (ýa-da başga) wikiden şol bir sahypany tapmaly we biziňkä göçürip terjime edäýmeli. eger dogrudyr öýtseňiz kategoriýany özüňizdem goşsaňyz bolýar. Žiraf sahypasyna başga dillerdäki çykgytlary goşdum diýip dim, şol sahypany açyp çep tarapyna serediň. şol ýerde dürli diller ýazylandyr. haýsysyna bassaňyz şol dildäki wikide ýazylan "Žiraf" sahypasyny görkezýär. siz iňlis, rus, fransuz, türk dillerini bilýän bolsaňyz şol dile basyň-da, şo taýdaky uly makaladan goşmaça maglumatlary özüňizçe terjime edip goýuberiň. 

Islän makalaňyzy uzyn ýa-da gysga terjime edip goýubermeli. 

Meselem, ýupiter planetasy barada makala ýazmak ýa-da terjime etmek islediňiz diýeli, onda ýokarda sag tarapdaky gutujyga "ýupiter" diýip ýazyň-da basyň. Ol sahypa bizde ýokdugy sebäply gyzyl çykgyt bilen görkeziler. Şonuň üstüne gaýtadan basaňyz tekst ýazylýan meýdança açylar. Meýdançanyň üstündäki funksiýalary ýeke-ýekeden barlap öwrenip bilersiňiz. isleseiňiz mendenem sorap bilersiňiz. Sag boluň!

 

Gözçykgynç bir zat bolmasa ol wikide durýar we her kim peýdalanyp bilýär. tehniki kömek gerek bolsa ýazyp bilersiňiz.--[[Ulanyjy:Hanberke|Hanberke]] ([[Ulanyjy çekişme:Hanberke|talk]]) 13:03, 24 ýanwar 2013 (UTC)