Difference between revisions 174267 and 174426 on tkwikiKyan dushunemogay bu wiki'e. Nametmeli barde? == Täze makala ýazmak barada == Salam Sir artur, Wiki ensiklopedik islendik makala ýazylýan, okalýan, goşan goşulýan erkin platforma. "Žiraf" sahypasy üçin sag boluň. Men oňa rus wikiden linkleri (çykgytlary) we kategoriýalary terjime edip goşdum. Ol kyn däl, rusça (ýa-da başga) wikiden şol bir sahypany tapmaly we biziňkä göçürip terjime edäýmeli. eger dogrudyr öýtseňiz kategoriýany özüňizdem goşsaňyz bolýar. Žiraf sahypasyna başga dillerdäki çykgytlary goşdum diýip dim, şol sahypany açyp çep tarapyna serediň. şol ýerde dürli diller ýazylandyr. haýsysyna bassaňyz şol dildäki wikide ýazylan "Žiraf" sahypasyny görkezýär. siz iňlis, rus, fransuz, türk dillerini bilýän bolsaňyz şol dile basyň-da, şo taýdaky uly makaladan goşmaça maglumatlary özüňizçe terjime edip goýuberiň. Islän makalaňyzy uzyn ýa-da gysga terjime edip goýubermeli. Meselem, ýupiter planetasy barada makala ýazmak ýa-da terjime etmek islediňiz diýeli, onda ýokarda sag tarapdaky gutujyga "ýupiter" diýip ýazyň-da basyň. Ol sahypa bizde ýokdugy sebäply gyzyl çykgyt bilen görkeziler. Şonuň üstüne gaýtadan basaňyz tekst ýazylýan meýdança açylar. Meýdançanyň üstündäki funksiýalary ýeke-ýekeden barlap öwrenip bilersiňiz. isleseiňiz mendenem sorap bilersiňiz. Sag boluň! --[[Ulanyjy:Hanberke|Hanberke]] ([[Ulanyjy çekişme:Hanberke|talk]]) 13:03, 24 ýanwar 2013 (UTC)⏎ ⏎ == Makalalar barada == Täze makalalaryň höwri köp bolsun! Türkmen ýazyjylary barada goýan makalaryňyz üçin sag boluň! Men hem ol makalalara tehniki taýdan gerekli düzedişler, mes. kategoriýalary, çykgytlary girizerin. Siziň özüňizem sahypanyň "redaktirle" düwmejigine basyp, meniň we başga ulanyjylaryň nähili üýtgeşmeler, düzedişler we ş.m girizendigini görüp öwrenip bilersiňiz. Täze usul (Çykgyt näme we nädip girizmeli) Çykgyt bir makaladan başga bir makala alyp gidýän köprüjik diýmek bolar. Meselem, [[Bäşim Ataýew]] diýen makalanyň üstüne bassaňyz ol açylar. Ol ýerde "[[Meret Sopyýew]]" we "[[Müň bir gije]]" sözleri gök reňk bilen görkezilýär. Bu diýmek olaryň özbaşdak makala hökmünde ýazylandygyny görkezýär. Emma, [[A. Fadeýew]] gyzyl reňkdedir, sebäbi ol makala heniz ýazylmadyk. Onuň üstüne bassaňyz täze boş sahypa açylar. Şol ýere belli rus ýazyjysy Aleksandr Fadeýew hakynda gysgajygam bolsa makalajyk ýazyp bilersiňiz. Bu ýöne bir mysal. Indi ýerine ýetirip göreliň: Siziň goýan [[Garaja Burunow]] diýen makalaňyzda "Tejen etrabynda" diýen söz bar. Biz oňa çykgyt goýalyň. "Redaktirlä" basyp, Garaja Burunow baradaky makalanyň içine giriň. Ol ýerden "Tejen etraby" diýen sözi garalaň we ýokardaky paneldäki "Çykgyt" diýen söze basyň. Soňra açylan penjirejikde "Çykgyt giriz" düwmesine bassaňyz Tejen etraby diýen sözüň iki gapdalyna ]] we [[ belgileri goýlar. Sahypany ýazdyran mahalyňyz. Tejen etraby gök reňkde görner. Ýagny oňa basanyňyzda Tejen etraby baradaky aýratyn makala açylar. Men şol ýerdäki "B.Amanow" sözüne çykgyt goýjak. All content in the above text box is licensed under the Creative Commons Attribution-ShareAlike license Version 4 and was originally sourced from https://tk.wikipedia.org/w/index.php?diff=prev&oldid=174426.
![]() ![]() This site is not affiliated with or endorsed in any way by the Wikimedia Foundation or any of its affiliates. In fact, we fucking despise them.
|